beýgelmek işlik

  1. Kem-kemden ýokary galmak, barha beýik bolmak.

    • Baýyrlar öňküsinden beýgelen ýaly, şähere golaýlaşan ýaly bolup görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Haýbat atyp oturan äpet Köpetdagyň iň beýgelen ýeriniň garşysynda uly oba uzalyp otyrdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Işde ösmek, ýokary çekilmek, wezipäň boýunça ulalmak. Gitdigiçe güýçlenmek, gatalmak.

    • Oýunçy gyzlaryň sesi beýgelýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • beýgeldi
  • beýgeldigiçe
  • beýgeldim
  • beýgeldiň
  • beýgelen
  • beýgelendir
  • beýgeler
  • beýgelip
  • beýgelipdi
  • beýgelipdir
  • beýgeliň
  • beýgelme
  • beýgelmegi
  • beýgelmegine
  • beýgelmeginiň
  • beýgelmek
  • beýgelmeklik
  • beýgelmeler
  • beýgelmeleri
  • beýgelmese
  • beýgelmesi
  • beýgelmesine
  • beýgelmesini
  • beýgelmäni
  • beýgelmäniň
  • beýgelse
  • beýgelsin
  • beýgelýän
  • beýgelýär
  • beýgelýärdi
  • beýgelýärler