beýewan

[beýewa:n]

Könelişen söz Giň çöl meýdan, düz.

  • Ýüzün tutup beýewana, Bu kiçijik kerwen barýar. (Çary Aşyr, Poemalar)

  • Tutdurmaz sen, torguşym, beýewana çykar sen, Albaý bulap çagyrsam, şuňkarym sen gola gel. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

  • Ol beýewan hakynda, goýunlaryň häsiýeti hakynda gürrüň berdi.


Duş gelýän formalary
  • beýewana
  • beýewanda
  • beýewandan
  • beýewanlara
  • beýewanlarda
  • beýewanly
  • beýewanlyga
  • beýewanyň