[ba:tyr]
Batyrlyk görkezýän, ýürekli, gorkmazak.
Emma ol geçelge ýönekeý, aňsatja geçäýmeli ýer bolman, gaty hatar ýer ekeni, ondan diňe batyrlar geçip biljek ekeni. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Batyr ýigit-köp şirleri, Döretdiň seň, Türkmen halky. (Durdy Gylyç, Goşgular)
Söýgüli Watanym-Türkmenistanym. Ozal salam bolsun batyr halkyňa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Batyr ýarasyz bolmaz. (nakyl)
At ýortuşda belli, gurt-ýyrtyşda; är göreşde belli, batyr-söweşde. (nakyl)
seret dil
Garlynyň pikiriçe, ogullarynyň iň dili batyry hem ýeke sözlüsi Myratdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)