batmak işlik

  1. Suwa çümme, gark bolmak.

    • Ol özüni batyp barýan gäminiň üstünde durýan ýaly duýýardy. (N. Jumaýew, Ak Derek)

  2. Palçyga girmek, laýa bulaşmak, çägä gömülmek, çümmek.

    • Onuň ýalaňaç aýagy ýabyň çägesöw çygly raýyşyna batypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Kartalaryň takyk däldigi üçin, batan ýük maşyny üçin gahary geldi. Ol ürgün çägä batyp, öňe-yza urunýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Görünmez bolmak, ýaşmak (asman planetalary hakda).

    • Aý batanda, adamlar hem ýatdylar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Uzak günläp dumly-duşa ot sowurýan gyzgyn Gün ýaňyja batypdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Ömrüzaýa ýyldyz kimin bataýyn, Şu ýerlerde hiç kararym ýok meniň. («Tükmen Halk Şahyrana Döredijiligi»)

  4. Uly zyýan çekmek, zyýan görmek.

    • Söwda edip batmak.

  5. Sanjylmak, çümmek, dürtülmek.

    • Elime tiken batdy.

gama batmak

seret gam

  • Ýene-de Ýegorjyk birden gama batdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

gara dere batmak

seret der

  • Bir haýukdan soň, ýorganyň içinde gara dere batyp, hopugyp ýerinden galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gaýga batmak

seret gaýgy

  • Artygyň gaýga batanyna dözüp bilmedik Aýna: --Wiý, oglan, saňa näme bolaýdy? -- diýip sorasy geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

iňkise batmak

seret iňkis

  • Birdenkä-de agyr iňkise batdym. («Tokmak» žurnaly)

maňza batmak

seret maňyz

  • Biriniň göwnüne ýakan zat beýlekisiniň maňzyna batmaýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Meniň bu sözlerim onuň maňzyna batmadyk bolara çemeli. (B. Pürliýew. Ilkinji gün)

oýa batmak

seret pikire batmak

  • Ol başam barmagyny agzyna ýetirip, uly oýa batdy.

pikire batmak

seret pikir

  • Ol öýe girip, birentek wagtlap çuň pikire batyp oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

uka batmak

seret uky

  • Indi ynjalyp, süýji uka batdy. (R. Seýidow, Bagtlylar)

ýüregine batmak

seret ýürek

  • Şol sowuk söz hanjar ýaly onuň ýüregine batýardy, maýda-maýda dograýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)