basyrmak işlik

  1. Biriniň ýa-da bir zadyň üstüni ýapmak, örtmek.

    • Tok uran adamy gum bilen basyrmak zyýanlydyr.

    • Döläniň üstüni basyrmak.

  2. Syry gizlemek, günäni ýaşyrmak, kemçiligi, ýalňyşlygy paş etmezlik.

    • Kemçiligiň üstüni basyrmak bolmaz.

  3. Jüýje çykartmak üçin kürk bolan towugyň aşagyna ýumurtga salyp oturtmak.

    • Men şol ýagyşlyk ýylyň ýazy iki towuk basyrdym. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  4. Gatyk etmek üçin bişen süýde gönezlik atyp, gabyň üstüni örtüp goýmak.

    • Gyzym sen okuwyňa gitmänkäň, süýdi bişir-de, basyryp goý. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ondan soň geçi agşam süýdüni bişirip, basyryp, gowy gatykdan bir ýanlyk edip, ertesi arkasyna göterip, kazynyň ýanyna gidipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)


Duş gelýän formalary
  • basyran
  • basyrar
  • basyraýyn
  • basyraýynmy
  • basyrdy
  • basyrdygy
  • basyrdyk
  • basyrdylar
  • basyrdym
  • basyrdyňmy
  • basyrjagam
  • basyrma
  • basyrmaga
  • basyrmagyny
  • basyrmagyň
  • basyrmak
  • basyrmakda
  • basyrmakdan
  • basyrmalar
  • basyrmaly
  • basyrmaň
  • basyrsa
  • basyryp
  • basyrypdym
  • basyrypdyr
  • basyrypdyrlar
  • basyryň
  • basyrýan
  • basyrýar
  • basyrýardy
  • basyrýarlar