basyrganmak işlik

Ukuda ýatyrkaň samramak, gorkuly düýş görüp samyrdamak.

  • Küýündäki möjekler hem onuň düýşüne girip, basyrganypdyr. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Erbet basyrganyp, ýaman düýş görüpdirin. («Görogly» eposy)

  • Ýegorjyk özüniň basyrganýandygyny aňyp, gözlerini açdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)