basym1 hal

Tiz wagtyň içinde, derrew, tiz, çalt, bahym.

  • Sabyr et oglum, howlukma, basym bolar. («Görogly» eposy)

basym2 at

  1. Lingwistika Sözleriň belli bir bognunyň beýleki bogunlardan batlyrak, zarply aýdylmagy.

    • Türkmen dilinde basym köplenç sözüň soňky bognuna düşýär.

  2. Işleniş, basylyş aýratynlyk (keçe hakda).

    • Keçäniň basymyny ýetirmeseň, ol gowşak bolýar.

logiki basym

Batly ýa-da manyly aýdylýan söz ýa-da sözlem.