basgylamak işlik

  1. Bir zady depeläp ýere ýatyrmak, depelemek.

    • Agşamlary bolsa aýaklaryny tämiz ýuwup, hamyr basgylaýardy, suw çekýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda Äsgermezlik edip horlamak, azar bermek, ezmek.