basgy

  1. Dyknyşyk, basa-bas.

  2. Özüňi ýitirip çaşmaklyk, başagaýlyk, aljyraňňylyk.

    • Ynançly berkitmeleri ýumrulyp böwsülenden soň, özleriniň basgy bolup gaçan goşunlaryny halas etmek üçin nemesler rezerwlerini söweşe süren bolmaga çemeli. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Hiý, şeýle-de bir basgy astynda galmak bormy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)