basgançak

  1. Aýak basyp ýokary çykmak we aşak düşmek maksady bilen daşdan ýa-da agaçdan keseligine goýlup ýasalan gurluş, merdiwan.

    • Men basgançakdan tiz-tiz ýokary çykdym-da, otaga girdim.

    • Şol mahal arka ýüzdäki tamlaryň biriniň agaç basgançagyndan düşüp, özüne bakan ugran gara göz gyz, şol gospitalyň naçalniginiň edarasynda gören gyzydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Şu jaýyň sag gapdalyndaky sarymtyl ýylmanak daşdan örülen ajaýyp basgançaklardan ýöräp ýokary çykdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Bir zadyň ösüş, orun tutuş ýa-da guramaçylyk derejesi.

    • Emma munuň özi okuwçylaryň ylma bolan höwesini ösdürmegiň we terbiýelemegiň diňe birinji basgançagydyr. (I. T. Ogordnikow, P. H. Şimbirýow, Pedagogika)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem basgançak - basgançagy.