basdyrmak işlik

  1. Aýak astynda galdyrmak, üstünden agram saldyrmak, depeletmek.

    • Guduzlar jemlenip atyn sürdüler, Garyby basdyryp hem-de urdular. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Türmä saldyrmak.

    • Bigünä adamy basdyrdylar.

  3. Rejeläp üsti-üstüne goýdurmak, biri-biriniň üstünde ýerleşdirtmek.

gaýga basdyrmak

seret gaýgy

küde basdyrmak

Bede basdyrmak. Odun basdyrmak.

ota basdyrmak

seret ot

  • Ota basdyran ýerleriň-ä bar eken.

suwa basdyrmak

Suw basmagyna ýol bermek.