barybermek işlik

  1. Ýuwaş-ýuwaş ýöräp gelibermek, gidibermek, ýöräbermek.

    • Yzymdan gelenlerine garaşman, ýorgan-düşegi göterip barybermeli boldum. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Baryp-gelip aragatnaşyk edibermek, ýakynlaşyk açyp başlamak.

    • Barybersene, seni Mamagül kowasy ýok. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • «Ýagşy görýär» diýip, baryberme, «berýär-ow» diýip, alyberme. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • baryberdi
  • baryberen
  • baryberende
  • baryberenlerinde
  • barybereris
  • barybereýin
  • barybergin
  • baryberipdir
  • baryberipdirler
  • baryberiň
  • baryberjek
  • baryberme
  • barybermek
  • barybermeli
  • baryberse
  • barybersene
  • baryberýär