barlyşmak bar‧lyş‧mak işlik

  1. Ylalaşyk guramak, ýaraşyk etmek, aragatnaşyk saklamak.

    • Gyrlyşmakdan peýda ýok, barlyşalyň -- diýdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Barlyşmaly ýa yza çekilmeli -- diýip, teklip edenleriň her birine ol üzül-kesil jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Iki taraplaýyn razy bolmak, razylaşmak.

    • Olar barlyşypdyrlar.

  3. Durmuş gurmak, är-heleý bolmak.

    • Sen ýene Ýelli bilen barlyşaýsaň, niçik bolýar? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Onýyllyk mekdebi-de bile gutaryp, biri-biri bilen söýşüp barlyşdylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • barlyşalyň
  • barlyşaýsaň
  • barlyşdyk
  • barlyşdylar
  • barlyşjak
  • barlyşmak
  • barlyşmaly
  • barlyşyp
  • barlyşypdyrlar