barlatmak işlik

[ba:rlatmak]

  1. Barlag işini geçirtmek, bir zadyň dogrulygyny anyklatmak.

  2. Sylag etdirmek, synap gördürmek.

  3. Gözden geçirtmek, agtartmak, sermeläp gördürmek.

    • Gijelikde ýylbyr ýaly çyrlatdy, Tokaýlary, jeňňelleri barlatdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  4. Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işini geçirtmek, derňetmek.

    • Garabogaz kölüni alymlara barlatdylar. Syrkawyň ganyny barlatdylar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem barlatmak - barladýar, barladar, barladypdyr.


Duş gelýän formalary
  • barladaýsam
  • barladyp
  • barladýar
  • barladýarlar
  • barlatdy
  • barlatdylar
  • barlatdym
  • barlatjak
  • barlatmaga
  • barlatmagy
  • barlatmak
  • barlatman