[ba:rlamak]
Bir zadyň dogrulygyny anyklamak üçin derňew geçirmek, derňäp görmek.
Ony siziň işiňizi barlaýan komissiýanyň hem başlygy edip belläpdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Bu keşdäniň daşyndan garasaň, göýä bir açylyp oturan güle meňzeýärdi, el bilen barlamasaň, onuň matadygy hem mälim däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Synap görmek, synagdan geçirmek, synamak.
Traktoryň işleýşini barladylar.
Gözden geçirmek, sermeläp görmek, agtarmak.
Hojam eli bilen gapdalyny barlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soň şu eňegi ýaglyk bilen daňylgy adam döwekçileriň goşuny barlamaga başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ylmy esasda öwrenmek maksady bilen barlag işini alyp barmak, derňemek.