balyk

[ba:lyk]

Zoologiýa Žabralary bilen dem alýan, suwda ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň umumy ady.

  • Wah, hawa-la, heý balyk hem suwsuz oňarmy? (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Men maşgalamyň gündeki iýjegini balyk tutup, gündekisini günde tapýardym. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Balygyň diriligi suw bilen. (nakyl)

  • Balyk başyndan porsar. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem balyk - balygy.