baldyr

Aýagyň bilen dyzyň arasyndaky ýumry etli ýeri.

  • Ädiginiň gonjy baldyrynyň ýumry etinden geçmän, ýygyrt-ýygyrt bolup dur. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Çagalaryň baldyrlary, butlary, ikiýan gapdallary, gollary-da açykdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • baldyrdan
  • baldyrlar
  • baldyrlara
  • baldyrlary
  • baldyrlaryma
  • baldyrlarynda
  • baldyrlaryny
  • baldyrlaryň
  • baldyrly
  • baldyry
  • baldyryna
  • baldyryndan
  • baldyryny
  • baldyrynyň
  • baldyryň