bala1

[ba:la]

Çaga, perzent.

  • Aşyr jan, sen hem meniň balam! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Balam, indi saňa öýlenmäge wagt ýetipdir. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Balalarym, kakaňyzy hem unutmaň. («Tokmak» žurnaly)

  • Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl)

balalar bakjasy

Mekdebe çenli ýaşdaky çagalary terbiýeleýän edara.

  • Nazar öň balalar bakjasynda terbiýelenip, häzir başlangyç mekdebiň okuwçysydy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

bala2

[ba:la]

Uguň ýolnup, tüýnügiň gözlerine geýdirilýän ujy.

  • Öýüň çagarygy gurum bilen doludy, oklaryň balalary ikinji gezek çykarylypdyr. Onuň öý kökleri gyrlyşyp ýatyrdy synyk-synykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)