Ary maşgalasynyň her hili gül şirelerinden hasyl edýän süýji maddasy, önümi.
Bal süýji, baldan bala süýji. (nakyl)
Arynyň zäherin çekmedik, balyň gadyryn näbilsin. (nakyl)
Gepleşik dili Örän süýji, tagamly, oňat.
Çorba bala dönüpdir.
seret gün
Seni oda atyp, men özüm bal günüme batjakmy? (B Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gowy bişmek.
Akyly jemlenmek, akyly durlanmak.
seret gulak
Onuň geplän gepleri Muhammediň gulagyna bal bolup damdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Uly tans agşamy.
Korolyň köşgünde ballaryň we her hili tomaşalaryň yzy üzülmändir. (Orta asyrlar taryhy)
Tebigy hadysanyň güýjüni, derejesini belleýän görkezýän ölçeg birligi.
Aşgabatdaky ýer titremäniň güýji 7-8 bala ýetdi.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.