bakmak işlik

  1. Birine ýa-da bir zada seretmek, garamak, äňetmek.

    • Ak mapraç aýal gaňrylyp bakdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Gözegçilik etmek, terbiýeläp ýetişdirmek, garaşyk etmek.

    • Bir garyş oglandym, bakdyň, bejerdiň, Senden başga howandarym ýok meniň. («Türmen Halk Şahyrana Döredijiligi)

    • Olary çekdirme bilen bakdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  3. Iletmek.

    • Çölde goýun-guzy bakýan çopanlar, Hemmäňe käp salam Ata Salyhdan. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

baga bakmak

Köp et ýag olmak üçin gyşyň başlaryna çenli daňyp bakmak (mal-gara hakda).

bäri bakmak

seret bäri

  • Pökgeniň az-kem bäri bakýany bildirdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)