bahyl

[bahy:]

Gysganç.

  • Bahyl wezirleriň gözi teňňe bilen gidipdir. (Myraly)

  • Suw bermän guýusyn gulplady bahyl, suwy daşdan çekip, içdim ýarym ýyl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Bahyl baýda berim bolmaz. (nakyl)

  • Biriniň işiniň şowly bolmagyny görübilmeýän, görip.

  • Men oňa bahyl däl, guş bolup uçsun. («Tokmak» žurnaly)

  • Görip-bahyl adamlary ýigrenýärin. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bahylyň bagy gögermez; gögerse-de, miwe bermez. (nakyl)

  • Ýandagy ýaýnatma, bahyly baýnatma. (nakyl)