bahana

Ýalan sebäp, esassyz delil, bolgusyz sebäp.

  • Işlemäge gelen bolsaň, bahana etme-de işläber. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Mähriniň ejesi: -- Bu gyz okuwyň başlananyny duýmandyr -- diýip, bahana etdi. (A. Gowşudow, Mähr-Wepa)

  • Her gün işden gelende bolgusyz bahanalar tapyp, güni aýal ýaly iňirdäp. Käte hem sak-suk edip, Mamagüle azar ýamanyny bererdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Bahanam «akja bäbek! -- bildir bolsaň bolmadymy. (nakyl)

bahana aramak

Bir maksat bilen bahana gözlemek, esassyz delil tapjak bolmak.

  • Ol gülmek üçin diňe bahana araýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)