baha at

  1. Bir zadyň gymmaty, nyrhy.

    • Bir bagdak gülüň bahasy näçe? -- diýip, ondan soraýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Okuwçylaryň bilim derejesini görkezýän belgi.

    • Ekzamenlerde baha bilimiňe görä goýulýar.

  3. Bir zadyň ähmiýetini, roluny, derejesini kesgitleýiş.

    • Adama daşyndan seredip, baha bermeli däl ekeni. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Seýdi bedewiň şol döwürde durmuşdaky tutýan ornuna hem uly baha beripdir. («Edebiýat»)

    • Her bu kim habara özüçe baha berdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

baha kesmek

Nyrhyny belli etmek, nyrh kesmek.

bahasyny ýetirmek

Laýyk bahasyny bermek.

belli bahasy ýok

Örän gowy, örän ähmiýetli.

  • Onuň çopan üçin belli bahasynyň ýokdugyny aýtdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)