bagyrmak işlik

[ba:gyrmak]

  1. Gygyryp ses çykarmak, gygyrmak (käbir haýwanlar hakynda).

    • Öýde öçügsi çyranyň ýagtysyna tahýa tikip oturan Amansoltan, daşarda düýäniň bagyranyny eşidip tisginip gitdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Göçme manyda Gygyryp zeýrenmek, käýinmek, aglamak.

    • Bagyryp aglarlyk hallary bardy. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

    • Bu garryja pahyr, näme ederini bilmän, bagyryp başlapdyr. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

    • Gygyrdy, bagyrdy, etdi galmagal. (A. Atajanow, Iki Poema)