bagyr

  1. Anatomiýa Adamda, haýwanlarda sag gapyrganyň aşagynda, garyn bilen kükregiň aralygynda ýerleşip, öt işläp çykarýan organizm, jiger.

    • Garnyň ýanynda bagyr ýerleşýär. (W. F. Şalaýew, N. A. Rykow, Zoologiýa)

  2. Göçme manyda Gujak, kükrek, döş.

    • Duşman özüniň ganly hanjaryny Watanyň bagryna dirän wagty, gorkunç howpuň Watanyň üstüne abanan wagty, Wepa ýaly gujurly ýigitler heý durup bilermi! (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem bagyr - bagry.

bagra basmak

Gujaga gysmak, gujaklamak.

  • Aýsoltan gowaçany emaý bilen çekdi-de bagryna basdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Gutlaýaryn, gyzym! -- diýip, meni bagryna basdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Seni gyzkaň bagryma basjakdym welin, bolmady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

bagry buz

Doň ýürek, mähirsiz.

  • Bagry buz, sözleri uz, dişleri dürdäne gözel. («Türkmen Halk Şahyryna Döredijiligi»)

bagry tütemek

Gaty gynanmak, ýanmak, köýmek.

  • Göripleriň bagry tütäp örtensin pygan edip, Ýeňiş bilen işiň öňe sürgün, söýgülim, bu gün! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

bagryň badaşmak

seret badaşmak

  • Eziz bilen biziň bagrymyz badaşmandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

bagryň bilen süýşmek

  1. Görünmezlik maksady bilen ýüzin ýatyp, öňe hereket etmek.

    • Ýol boýy bagryň bilen süýşüp ýöremelidi.

  2. Zordan ýöremek, hereket etmek (ýadawlyk, syrkawlyk we ş. m. sebäpli).

bagryňy kebap etmek

Juda köp azap çekmek, ynjamak, ýanyp-bişmek.

  • Buhara emiriniň zulumy, Etdi bagrymyzy kebap. (R. Seýidow, Eserler)

bagryňy ýakmak

seret bagryňy kebap etmek

  • Baý, bu meni nätdi? Edil bagrymy ýakdy-da goýaýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

bagyr awusy

Çaganyň aradan çykmagy zerarly ene-ata tarapyndan bildirilýän çuň gynanç, çekilýän azar, gam.

  • Balam, bagyr awusy ýaman zat. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

gara bagyr

Mähriban, gaty içgin, yhlasly.

gara bagyr bolmak

Örän yhlas bilen ýapyşmak, janypkeş bolmak.