bagyşlamak işlik

  1. Biriniň günäsini ötmek, günäsini geçmek.

    • Ol öz doganynyň bu gödekligini bagyşlap bilmedi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Seniň şu derejä ýeten Türkmen gyzy boldugyňa şek ýetirjek bolan bolsam, elbetde, sen meni bagyşlarsyň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  2. Bir zady peşgeş bermek, sylag hökmünde bermek, bagyş etmek.

    • Sapak çekilen ýigit hem ümeçi gelin-gyzlara bir zat bagyşlamaga borçly bolardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Bir zadyň ýa-da biriniň şanyna bagyş etmek, bir zadyň hormatyna teklip etmek, niýetlemek.

    • Zelili bu temada ýazan şygyrlarynyň köpüsini ýaşlykda söýşen gyzy Döndä bagyşlapdyr. Ol iň gözel, iň şirin sözlerden çemen baglaýar. Ol çemeni özüniň taryp edýän gözeline bagyşlaýar. («Edebiýat»)