bagtly sypat

  1. Bagta eýe bolan, bagty bar bolan, bagtyýar.

    • Sen bize hyzmat etseň, dünýäde iň bir bagtly adam bolup çykjagyňa ynan. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Işi rowaç alýan, üstünlikli, şowly, hoşwagt.

    • Näzlim, golaý gelýär bagtly günler. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Meniň ýüregimde zerrejik bozgaklyk bolman, men bagtly ýaşaýyş ýoluna gadam urýan ahyry. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bagtly sähet gözlemek. (nakyl)