baglyk

[ba:glyk]

Miweli ýa-da miwesiz agaçlaryň köp ekilen uçastogy, ýeri, köp agaç biten meýdan.

  • Gür baglyklaň arasyndan Akýar ýene köp sanly ýap. (R. Seýidow, Lebap Gyzy)

  • Ýüzlendi görünýän güri baglyga, Gezmäge sapaly, hezil çaglyga. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Baýram dagy gür baglyk obanyň içinden çykyp, gowaça meýdanyna ugradylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baglyk - baglygy.