baglanyşyklylyk at

[ba:glanyşyklylyk]

  1. Aragatnaşykda bolmaklyk, gatnaşyk saklamaklyk.

  2. Bir zada esaslananlyk, biri-birine baglylyk, baglanyşygy barlyk, asylylyk, dahyllylyk.

  3. Logika we grammatika taýdan yzygiderlilik, manylylyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baglanyşyklylyk - baglanyşyklylygy.