baglanyşyk at

[ba:glanyşyk]

  1. Özara gatnaşyk biri-birine bolan gatnaşyk, aragatnaşyk.

    • Bir umumy ýakynlyk, baglanyşyk bardyr. («Görogly» eposy)

    • Onuň olar bilen nähili baglanyşygy bar?

  2. Biri-birine baglylyk, biri-birine esaslananlyk, biri-birine garaşlylyk.

  3. Logika we grammatika taýdan yzygiderli, manyly ýazylyş.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem baglanyşyk - baglanyşygy.