baglamak işlik

[ba:glamak]

  1. Daňyp goýmak, daňyp berkitmek, daňmak.

    • Myrat, Tanýa itleriniň ýüpüni agaja baglap, ýap-ýaňyja ornaşypdylar. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Ol geçini bar agaja baglap, näzenin aýaklaryny şildiräp akýan suwa sokup oturdy. (Aýbek, Nowaýy)

  2. Bogup berkitmek, bogmak.

    • Gözel çemen baglaýar.

  3. Ýapyp berkitmek, gulplamak (gapy we ş. m. hakynda).

    • Bar, oglum, gapylary baglap gel!

  4. Grammatik termin Baglaýjylyk roluny ýerine ýetirmek.

    • Goşulmalar esasan söz ýasamaga we sözlemde sözleri biri-birlerine baglamaga hyzmat edýärler.

  5. Ýoluny almak, öňüni ýapmak, öňüni tutmak.

  6. Göçme manyda Bent etmek, bendiwan etmek.

    • Awtor, Mahymy Tahyra päk söýgi bilen berk baglaýar. («Edebiýat»)

aýagyny baglamak

seret aýak

  • Indi Hoşgeldiniň aýagyny baglamasaň, muny saklap bilmersiň. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

bil baglamak

seret bil

  • Ol öz ýoldaşlaryna bil baglaýardy.

biliňi baglamak

Taýýar bolmak, häzir bolup durmak.

ganat bagalamak

seret ganat

  • Ol begenjinden ýaňa diňe bir ganat baglap uçup bilmedi. («Tokmak» žurnaly)

umyt baglamak

seret umyt

  • Iň agyr günlerinde kakasyna umyt baglady. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan Ogly)

ýüregi bire baglamak

seret ýürek

  • Gaýrata galaýyn, joralarym hem kömek bererler diýip, ýüregimi bire bagladym.