bagjyk

[ba:gjyk]

Geýimiň, egin-eşigiň ýakasyna ilik ýerine edilýän inçejik bag.

  • Gulakjynymyň nemlenen bagjygy doňdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Halnazar sandyrap başlan elleri bilen donunyň bagjygyny çekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem bagjyk - bagjygy.