baggoýun at

[ba:ggoýun]

Huruşlyk üçin elde bakylýan goýun.

  • Çerkez bakan baggoýnuny öldürdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Işigiňde göleli sygyr, telim baggoýnuň bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Baggoýunlar gapylarda daňylgylygyna galdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem baggoýun - baggoýnum, baggoýnuň, baggoýny.