bagban

[ba:gban]

  1. Bagy bejerýän, idedýän we oňa seredýän adam.

    • Garry bagban dört sany adamynyň gelýänini gördi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Bu bagyň bagbanyna Nar ata diýilýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Ol haýatdaky üzüm dalbarlaryna timar berip ýören bagbana gygyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Göçme manyda Öz ýurdunyň eýesi, hojaýyny.