bagşy

Türkmen milli aýdym-sazlaryny, dessanlaryny aýtmakda halkyň içinde tanalyp, özüni görkezen adam, aýdymçy.

  • Bagşy aga, ýadap gelensiňiz, jaýlyrak oturyň. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Bagşy ilki bilen pessaý heňe tutup, nowaýydan heň etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bagşynyňky «haý» bilen, mollanyňky «waý» bilen. (nakyl)

bagşa «göter!» diýmek

Bagşynyň has batly aýtmagyny haýyş etmek.