bag1 at

[ba:g]

  1. Uly agaçlar, ösümlik.

    • Aşgabat bürenip gök begres baga, Säheriň çagynda ýaş gelin ýaly. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýaşyl don geýindi ýalaňaç baglar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Her ýerde iýmişli baglar göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Dürli agaçlar, güller ekilip gögerdilen uçastok.

    • Gülälekli gök meýdan, salkyn baglar sende bar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Täze bagymyzy suwlandyrýan çeşmämiziň gözbaşy biziň obamyzdan 6-7 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň içinde ýerleşýär. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Eger kärendesine bag alnan bolsa, onda hasylyň iki essesini bermelidi. (Gadymy Dünýä Taryhy)

  3. Gezmek, dynç almak üçin alleýaly agaçlyk, güllükler.

    • Baýly agşam naharyny iýenden soň, bag tarapa gitmekçi bolup, turup ugrady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

çagalar bagy

seret çaga

  • Ol bu gün birinji gezek çagalar bagyna gidýärdi. («Bahar»)

  • Mamagül hem çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

bag2 at

[ba:g]

Örülip ýa-da işilip edilýän hem-de baglamak, daňmak üçin ulanylýan ýüp, daňy.

aýak bagy

seret aýak

  • Sen oňa aýak bagy bolma.

baga bakmak

seret bakmak

  • Bu adam bulary baga bakyp, semredip ýören eken. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)