badyna

[ba:dyna]

  1. «Dessine, derrew, yzysüre» diýen ýaly kömekçi söz.

    • Ýoldaş Leýtenat, duşmanlar dogry biziň üstümize gelýär -- diýip, habar beren badyna komandir näme etmelidigi hakynda oýlandy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýagyş goýan badyna, biz ilerik otluk meýdana gezmäge gitdik.

  2. seret bat 1

    • Suw her hili turbajyklar arkaly tutulanda hem, olardan akyp gelýän suwuň mukdary olaryň diametrlerine we suwuň badyna baglylykda, takmynan, ýokardaky ýaly bolýar. (F. G. Sewostýanow, Türkmenistanda Gowaçanyň Suwarylyşy)