badyhowalyk ba‧dy‧ho‧wa‧lyk

[ba:dyhowa:lyk]

Ulumsylyk, gopbamsylyk.

  • Sähedi görenden soň, molla Hoşlynyň badyhowalygy gaçdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ol: -- Bize Ergeş pälwan diýerler -- diýip, badyhowalyk bilen jogap berdi. («Tokmak» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem badyhowalyk - badyhowalygy.


Duş gelýän formalary
  • badyhowalyga
  • badyhowalygy
  • badyhowalygyny
  • badyhowalygyň