[ba:dam]
Gabygy ýuka, şänigi şetdalynyň şänigine meňzeş süýri, miwe berýän agaç we onuň miwesi.
Hoz, pisse we badam döweniň dişi düşýä bolsa, Gäwüşgözeliň ýeke dişi hem galmaly däl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Pökgerip duran owadan gabak.
Gara gaş, dürdäne diş, badam gabak söwdügim. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.