badak

Göreşde garşydaşyň aýagynyň daş ýüzünden öz aýagyňy atyp, ony ýykmak maksady bilen edilýän emel.

  • Badak salyp ýykmak.

  • Daýhan, batrak, aýal-erkek sözleşýär, Könelige badak atýar ýaşlarmyz. (Mollamurt, Saýlanan eserler)

  • «Akýal» ady bile mälim bolupdy. Duşmanlara pugta badak salypdy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ahyrynda ýykdyk biz badak atyp bilinden. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem badak - badagy.