bada-bat

[ba:da-ba:t]

Şol bada, ilki bada, birden, derrew.

  • Duran adamlary ol bada-bat saýgaryp-da bilmedi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol özüniň bu hatyny bada-bat poçta agajyň köwegine eltip geldi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Batyr aganyň-da, atyň-da, agzyndan-burnundan zogdurylyp çykýan demleri bada-bat doňup galýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Gülsoltanyň soragyna bada-bat hiç kim jogap bermedi. («Mydam Taýýar» gazeti)