[ba:da]
Şol minutda, tizlik bilen, başda, ilki, derrew.
Bu kömegi, bu hormaty sal ýada, Gyssanan wagtyňda, ýetişdi bada. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Garry birinji bada hiçbir zat almazlyk niýetindedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ilki başda, ýüzüniň ugruna, birden.
Goýsalar, bir bada tünegime giderin. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Könelişen söz Içgili bokal, içgili rýumka, çakyr, şerap.
Haçan öz toýumda bada göterip, Diýerkäm: -- Şu gözel meniň dildarym! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Siz meýlisimizi ýasa döndürdiňiz. Hany, dostlar, badalary göteriň! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.