baba

[ba:ba]

  1. Ejäniň kakasy.

    • Agtygy babasyny duýdansyz görüp, Utandy-da bada ýerinden turdy. («Sowet Edebiýat» žurnaly)

    • Meniň babam ajap gyzykly gürrüňler bermäge ökdedi. (N. W. Gogol, Eserler)

  2. «Ýaşuly, ata» manysynda aýdylýan söz.

    • Gezýärkäm, sataşdym aksakgal baba. Gamlanma, baba, sen gamlanma, baba! (N. Pomma, Saýlanan eserler)

babalar sözi

Ata-babalardan gelýän aňlatmalar, nakyl.

babam döwri

seret döwür

  • Onuň aýtmagyna görä, babam döwründen bäri Hallaryň neberesiniň ähli erkek adamlarynyň käri ýol salgy berijilik bolupdyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)