başuç

[başu:ç]

Ýatan adamyň kelle tarapy.

  • Batyr aga hyrçyny dişläp, gaýgyly halda başyny ýaýkady, başujynda çommalyp oturyp, ony tanajak boldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Enesi onuň boşujunda gorkuly ýürek bilen titreýär. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Gije ýatyrdym welin, başujumda bir şakyrdy boldy. («Türkmen Halk Ertekiler Ýygyndysy»)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başuç - başujum, başujuň.