başly-barat

[başly-bara:t]

Ugry-utgasy ýok, ugursyz, özbaşdak, baş-başdak.

  • Goşa obasyndaky bir kümäniň gapdalynda birnäçe daýhan ýanyny ýere berip, başly-barat gyşaryşyp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Başly-barat gürrüň gidip durany üçinmi -- onuň sözüni birbada alyp götermediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)