başlanmak işlik

  1. Ýerine ýetirilip ugralmak, iş ýüzüne geçip başlamak, girişilmek.

  2. Ýüze çykmak, peýda bolmak, döremek.

    • Bu iki maşgalanyň baştutanlarynyň arasynda başlanan dostluk hem tötän ýerden döremändi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Garakçylar hakyndaky gürrüň başlanan wagtynda, şu adamda bir hili düşnüksiz gozgalaň başlandy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  3. Düşüp, girip ugramak.

    • Çigreklije ýaz günleri başlanypdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)