başlangyç

Bir wakanyň ýagdaýyň ilkinji ýüze çykan, başlanan döwri, ilkinji pursady, başlanýan ýeri.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başlangyç - başlangyjy.

başlangyç bilim

seret bilim

  • Olaryň ogly başlangyç bilimi oba mollasynda aldy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

başlangyç mekdep

seret mekdep

  • Mährijemal sekiz ýaşyna ýetende, başlangyç mekdebe girdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)