başda

  1. Öň hatarda, öňde.

  2. Ilki bilen, ozaly bilen, iň ilki, başdan.

    • Başda gyzlar Dmitriý Iwanowiçden soraşdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Aýal-gyzlar azat bolmaly başda, Şol işleri ýerne salyň, ýoldaşlar! (Mollamurt, Saýlanan eserler)

başda durmak

Ýolbaşçylyk etmek, ýolbaşçy bolmak.