başatgyç

Aýallaryň kellelerine atýan çabydy ýa-da ýaglygy.

  • Kakam ejeňe ýüpek sowsany, başatgyç iberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ine men şäherden gelnejeme bir başatgyç ýüň ýaglyk aldym. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başatgyç - başatgyjy.