başartmak işlik

oňartmak, eýgertmek.

  • Awlary şu durşuna göterip gitmeklik hem oňa başartjak däl. (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)

  • Biz barada aýdylanda bolsa, biz özümize başartjak her hili ýol bilen kömek etmäge şat bolarys. («Sowete Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem başartmak - başardýar, başardar, başardypdyr.